Dubaýdan Bakuwa uzaýan ýol

15 Iýun 2024
508

«СОР29-yň» üstünlikli geçiriljekdigini wada berýär

12-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýaýbaňlandyrylan çäre «COP28-iň» başlyklygynyň şu ýylyň noýabrynda «COP29» maslahatyny kabul etjek Azerbaýjana geçirilmegine bagyşlandy. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralan duşuşykda Dubaý forumynyň jemlerine garalyp, Bakuwda boljak çärede çözgütleriň kabul edilmegine ýaşlary çekmek meselesi barada pikir alşyldy. Şoňa görä, oňa Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, ýaş ekoişjeňler hem gatnaşdylar. Tebigaty söýüjileriň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, milli derejede dürli çäreleri geçirmek boýunça alyp barýan işleri, daşary ýurtlardaky forumlarda toplan tejribeleri hakynda tanyşdyrylyşlar bilen utgaşdyrylan çykyşlary duşuşyga gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Degişli ýolbaşçylara BAE-niň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili tarapyndan ýaşajyk bag nahallarynyň sowgat berilmegi bolsa özboluşly simwoliki mana eýe boldy.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».