Watany goramak — belent mertebe

12 Iýun 2024
298

Watany gözüň göreji ýaly goramak, oňa ak ýürekden hyzmat etmek pederlerimizden dowam edip gelýän ýörelge bolup, ol her birimiziň aňymyza, süňňümize siňendir. Watany goramak, oňa durkuň, düýrmegiň bilen berilmek bolsa uly mertebedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi gowulandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ösüşleriň şaýolundan barýan Diýarymyzy ygtybarly goramakda bimöçber işleri amala aşyrýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine goýulýan sarpany, ynamy alamatlandyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biz barada edýän aladalaryna jogap edip, eziz Watanymyza, halkymyza ak ýürekden gulluk etmek iň esasy borjumyzdyr.

Wepa Ýegenow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.