Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň at-owazasy bütin dünýä dolýar. «Akylly» şäheriň durmuşynda, ösüşinde gysga döwrüň içinde gazanylýan uly üstünlikler täze şäheriň şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Bu gün «akylly» şäherde päk zähmet gaýnap joşýar, toýlar uludan tutulýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhasy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde dörän, sebitde deňsiz-taýsyz şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miwesidir. Gahryman Arkadagymyz her gezek Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda bu şäheriň geljekde has-da rowaçlanmagy, gözelleşmegi babatda gymmatly maslahatlaryny, tekliplerini berýär. Bu hakykata geçen hepdede Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.