Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas mekdebi

11 Iýun 2024
449

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda beýik şahsyýetler, akyldarlar, şahyrlar kemala geldi. Milli edebiýatymyzyň şygyr hazynasyny hasyl eden, özboluşly milli häsiýetli edebi döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan nusgawy şahyrlarymyz munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Eserleri gaýtalanyp okalýan we her gezek okalanda ruhy lezzet, güýç-kuwwat berýän, ahlak-terbiýe mekdebini döreden akyldarlardan Döwletmämmet Azadyny, Magtymguly Pyragyny, Ýunus Emräni, Garajaoglany, Nurmuhammet Andalyby, Zelilini, Keminäni, Mollanepesi, Mätäjini mysal getirmek bolar. Bu şahsyýetler sözüň ussatlary hökmünde durmuş meselelerine özboluşly garaýyşlary bilen halkymyzyň hakydasynda we kalbynda ýaşap gelýär. Ömrüniň, durmuşynyň halk bilen baglanyşygy, döredijiliginiň milliligi, düşnükliligi, çeperçilik kämilligi bilen türkmeniň danasy Magtymguly Pyragy dünýäde ykrar edilen paýhasly şahyrdyr. Şonuň üçin dünýä halklarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň şöhraty uludyr.

Ynsan kalbyna ýagşylyk şuglasyny çaýýan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy asylly ýörelgelerimizde uly orun aldy. Dünýä meşhur, tanymal pähimdaryň adynyň, ömür ýolunyň, döredijiliginiň, ýaşan döwrüniň türkmen edebiýatynda örän köp ýyllardan bäri görnükli orny eýeleýändigi halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Gündogar halklarynda Magtymguly paýhasly, talapkär halypa hasaplanýar. Bu barada ХIХ asyryň nusgawy şahyry Mämmetweli Kemine: «Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize indi onuň hoşasyny çöpläýmek galýar» diýip belläpdir. Türkmen edebiýatynda yz goýan nusgawy şahyrlar türkmen diliniň söz baýlyklaryndan netijeli peýdalanmakda edebiýatyň göwher täji Magtymguludan täsirlenipdirler.

Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.