Her jümlesi Dünýe malyndan zyýat

11 Iýun 2024
401

Kitap — ruhy baýlygyň sakasy. Ol ynsan oglunyň akylyny goýazylaşdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär, geçmişidir şu gününden habar berip, geljegini aýdyňlaşdyrýar. Hut şonuň üçin-de, pederlerimiziň nesillerini sowatly etmek, kitaplary hemrasyna öwürmek ýaly asylly ýörelgeleri wagt geçdigi saýy döwrebaplaşmak, kämilleşmek bilen. Täze taryhy döwürde hem ol mynasyp dowamata eýe. Muňa her bir güni toýdur baýrama beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 17-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykandygy baradaky hoş habary hem-de onuň ilkinji nusgasyny Milli Liderimize ibermegi aýdyň subutnamadyr.

Türkmen akyldarynyň ebedi mirasyny — her jümlesi dünýe malyndan zyýat görülýän, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny özünde jemleýän bu kitabyň neşir edilmegi halkymyzy guwandyran wakalaryň birine öwrüldi. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynda ýokary hilde çap edildi. Onuň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi dana şahyryň döredijiliginiň dünýä halklaryna ýetirilmeginde ähmiýeti juda uludyr.

Muhammetmyrat KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň mugallymy.