Hytaýy, Gyrgyzystany we Özbegistany birleşdirýän, strategiki taýdan möhüm ähmiýetli bolan demir ýol şahasynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça ylalaşyga gol çekildi. Degişli resminama gol çekmek dabarasy 6-njy iýunda Hytaýyň paýtagtynda geçirildi.
Bu demir ýol Hytaý bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän has bähbitli ulag geçelgesi bolar. Ol geljekde Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.