Durmuşyň okuw kitaby

10 Iýun 2024
336

Çeper edebiýat hakyndaky «Durmuşyň okuw kitaby» diýen kesgitleme köplere öňden tanyşdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söz açylanda, edebiýatyň durmuşa täsir edijilik hyzmaty has möhüm derejä göterilýär. Şahyryň «Gul bolgul» atly goşgusynyň mysalynda hem şuňa doly göz ýetirmek mümkin. Goşgynyň birinji bendinde şahyr döwletli we bidöwlet, asyl, bedasyl düşünjeleriniň gapma-garşylygyny beýan edýär. Şunuň özi jemgyýetçilik gatnaşyklary babatda anyk hereketleri ugrukdyrýan kesgitlemedir. Şahyryň döwletlilik hakyndaky pikirleri Milli Liderimiziň eserlerinde täze mazmuna eýe bolýar. Döwletlilik nusga edinilýän ýörelgäni, asyllylyk adamkärçiligi bezeýän sypatlary aňladýar. Şahyryň:

Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,
Kelhemeç hem «öz oglanym gözel» diýr.
Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,
Goýun kibi çar tarapa il bolgul —

Bägül ANNABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri.