Çyn-Maçynly ussat bilen gaýybana söhbet

10 Iýun 2024
344

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy! Köpetdagyň eteginde ylhamyňa ylham goşýan ajaýyp mekan. Akyldar şahyryň ýadygärligi bilen birlikde dost-doganlyk halklaryň ýigrimi dört ussadyny özünde jemleýän bu ýerde bolanyňda, üýtgeşik dünýä düşen ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. Döredijilik dünýäsinde öçmejek yz goýan ägirtleriň her biriniň heýkeliniň deňinde aýak çekeniňde, olaryň ömri we döredijiligi barada köp zatlary bilmäge höwes döreýär. Ol ýerde ilkinji gezek bolan mahalym hytaýly şahyr Du Funuň ýadygärligi aýratyn ünsümi çekdi. Ondaky ýazgylary okap, görnükli hytaý şahyrynyň mundan esli asyr öň ýaşap geçendigine göz ýetirdim we döredijilik dünýäsine gaýybana seýran etdim. Gözlegleriň esasynda durmuşa, tebigat gözelliklerine, bedew atlara bagyşlanan ençe şygyrlarynyň üstünden bardym.

Ine-de, elimde şahyryň bedew atlara bagyşlanan goşgusy. Olary galamdaş şahyrymyz Ysmaýyl Taganow türkmen diline terjime edipdir. Bu goşgulary okanyňda, göz öňüňde hytaý sähralyklarynda çapyp ýören atlar janlanýar. Beýan etmelerden görşümiz ýaly, ol atlar edil türkmen bedewleri ýaly wepaly, ezber, ýüwrük... Mysal üçin, şahyryň «Ak tulpar» atly goşgusyna ýüzlensek, onda:

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».