Galla hasylynyň gyzgalaňly möwsümi

10 Iýun 2024
846

Toprak daýhanyň yhlasyndan gülleýär. Yhlas siňen ýere bereket bulagy açylýar. «Herekete – bereket» diýen pähime eýerýän halkymyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar bereketli topragymyzdan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrmagy maksat edinýärler. Şeýle asylly maksat bilen çekilen zähmet bolsa öz miwesini bolluk bilen eçilýär.

Ak bugdaýyň Watany hasaplanýan Diýarymyzda şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly möwsüm – galla oragy dowam edýär. Gallaçy daýhanlar arly ýyl yhlasly çeken zähmetiniň netijesine guwanyp ýetişdirilen bol hasyly ýygnaýarlar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň welaýatlarynda babadaýhanlaryň yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaýly meýdanlar bereket bulagy bolup, görenleriň gözlerini dokundyrýar. Olar daýhanyň göwün guşuny al-asmanda galgadyp, ýeneki üstünliklere galkyndyrýar. Bu bolsa döwletimizde ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýetilen belent sepgitler döredilen ýer gaznasyndan bölünip berlen ýer parçasynyň topragyň «diline» düşünýän, ondan ýokary hasyl almagy başarýan hakyky daýhan nesline uzak möhletleýin kärendesine bermegiň oňyn netije berendigini görkezýär. Bugdaý hasylynyň bir dänesini-de yrýa etmän, ýitgisiz ýygnap almak, daşamak, wagtynda kabul etmek, aýawly saklamak maksady bilen gurlan döwrebap derejedäki elewatorlar — ammarlar ilik-düwme gözden geçirilip, möwsüme doly taýýar edilmegi daýhan azaby bilen ýetişdirilen hasylyň kabul etmekde bökdençligiň bolmazlygyny üpjün edýär.

«Diýar»