Pekinde «Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan» demir ýolunyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekildi

10 Iýun 2024
312

Hytaýyň paýtagtynda Hytaýy, Gyrgyzystany we Özbegistany birleşdirýän, strategiki taýdan möhüm ähmiýetli bolan demir ýol şahasynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «Daryo.uz» neşiri habar berdi.

Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýew dabara gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlenmesinde bu demir ýoluň Hytaý bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän has bähbitli ulag geçelgesi boljakdygyny nygtady. Geljekde bu ýol Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.