Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda, nusgawy edebiýatymyzy öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda nusgawy edebiýatymyzy öwrenmäge we ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Berkarar Watanymyzyň ösüşlere beslenýän döwründe bilim işgärleri hem millilige esaslanýan çeper gymmatlyklary ylmy esasda öwrenip, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat edýärler. Häzirki wagtda täze çapdan çykan «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşyp, bu neşiriň gymmatlygyny düşündirýärler.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkymyzyň milli medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň gymmatlygyny pelsepewi pikirlerde jemleýär. Şonuň üçin hem akyldaryň eserlerini milli medeniýetimiziň özeni hasaplaýarys, bu pikirleri, parasatly sözleri ýaş nesillere wagyz edýäris. Bagtyýar nesilleriň akyldar şahyra bolan ägirt uly söýgüsini, bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklaryny, berkarar döwletimiziň sarsmaz türkmen binasynyň dowamat-dowamdygyny görmek bagtdyr, bagtyýarlykdyr. Akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasy bolan häzirki döwrümizde milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar.