Edermen ýüpekçileriň zähmet ýeňşi

8 Iýun 2024
777


Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýan ýüpekçiligi ösdürmek, ak piläniň öndürilişini artdyrmak babatdaky taýsyz tagallalaryndan, goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu gymmatly önümiň bereketli hasylyny ýetişdirmek baradaky Kararynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, agzybirlikli zähmet çeken ýurdumyzyň pileçi kärendeçileri meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Welaýatymyzyň pileçileri Watan harmanyna 500,7 tonna çig pile tabşyryp, bu baradaky meýilnamany 100,14 göterim ýerine ýetirdiler.

Guwandyryjy üstünligiň gazanylmagyna Şabat, Akdepe, Görogly, Boldumsaz, Köneürgenç etraplarynyň pileçileri saldamly goşant goşdular. Şonuň ýaly-da ezber ýüpekçileriň köp sanlysynyň ýeten sepgitleri olaryň möwsümiň dowamynda gije-gündiz ýadawsyz iş alyp barandyklaryna şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Bekpaşşa Döwletowa, Eziza Ryzaýewa, şu etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginden Täzebaý Saparbaýew, Azimbaý Yzbastyýew, Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginden Muham Güýşenow, Orazmyrat Dosyýew, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginden Hudaýberdi Gurbanow, Parahat Bazarow, Köneürgenç etrabynyň «Galkynyş» daýhan birleşiginden Jumadurdy Kakabaýew, Azat Nepesow dagyny we başga-da ençeme ussat ýüpekçileri görkezmek mümkin.

Ýörite habarçymyz.