«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri

7 Iýun 2024
413

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak, Amyderýanyň hanasyny arassalamak we çuňaltmak, ulag we gurluşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak ýaly işleri alyp barýan «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar.

Kärhana boýunça üstümizdäki ýylyň bäş aýynda degişli meýilnama 110 göterimden gowrak amal edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 113 göterimden geçipdir. Bu ýerde ýük daşamaklyk, şol sanda suw üsti ponton geçelgesi, ulag hyzmatlary, şeýle hem gurluşyk, gämileri abatlamak we gämi gurluşygy bölümi boýunça işleriň hersinde göz öňünde tutulan meýilnamalaryň artygy bilen amal edilendigini, ösüş depgininiň hem degişlilikde 121 we 130 göterime golaý bolandygyny bellemek buýsançlydyr.