Hala siňen yhlas (hekaýa)

6 Iýun 2024
361

Onuň ady Tumardy. Olaryň ýaşaýan jaýyndan daragyň we gopuzyň owazy eşidiler durardy. Atyň batly toýnak sesini ýatladýan darak kakuwynyň sesinden Tumar ylham we güýç alýardy. Ol ylhamly duýgularyndan goşgy döredip, ondan alýan güýjünden hyýalynyň nusgasyny şekillendirmäge çalyşardy. Adaty günleriň birinde ol ýene ejesinden kesp edinen dokmasyny dokap otyrdy. Geçip barýan iki gelniň biri Tumarlaryň jaýynyň deňine ýetende daragyň sesini eşidip:

— Bu görgüliniňem dokmadan düşmän bili büküljek — diýip dillendi.

Nursoltan DERÝAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby