Söýgi hem şygyr (hekaýa)

6 Iýun 2024
338

Gerkezliler Aktokaýyň töwereginde mekan tutunypdylar. Garry mollanyň öýi Etregiň boýuna golaý ýerdedi. Il sylagly Garry molla bu ýer atasyndan miras galypdy. Atasynyň garry ojagyny saklap ýaşap ýören Azady üçin peder öýi mukaddesdi. Ol garry ojakda atasynyň ruhuny syzýardy.

Bahar pasly gelipdi. Ýaşyl begres geýnen tebigat Etregiň boýuny läle-reýhana büräpdi. Ümürsin tebigaty owaza gaplaýan guşlaryň sesi, nerkes gülleriň beýhuş ediji ysy Hakyň gyzgyn nepesi bolup bütin töwerege ýaýrapdy. Tylla Günüň şöhlesi jana ýakym, süňňe melhem berýärdi.

Atamyrat ŞAGULYÝEW