Türkmeniň gyrmyzy dony

5 Iýun 2024
552

Ene-mamalarymyzyň el işleriniň, döreden nepis önümleriniň her biriniň öz taryhy, olaryň döreýşi bilen baglanyşykly gyzykly rowaýaty bolup, olar nesilden-nesle, dilden-dile geçip gelipdir. Türkmeniň gyrmyzy donunyň döreýşi barada-da halkymyzyň arasynda gyzykly rowaýat aýdylýar.Onda beýan edilişine görä, gadym döwürde bir adamyň dört ogly we bir gyzy bar eken. Erkek doganlary uýasyny örän gowy görýän ekenler, sebäbi ol gaty terbiýeli, akylly, eli çeper gyz bolupdyr. Onuň ady Gyrmyzy eken. Dört erkek doganyň arasynda ýeke gyz bolansoň, Gyrmyzy diňe el işlerine güýmenmek bilen çäklenmän, eýsem, doganlarynyň yzyna eýerip, olaryň pişelerini — at münmek, gylyç oýnatmak, aw-şikär etmek ýaly başarnyklaryny hem öwrenipdir.

Gyrmyzy bir gün goýy gyzyl reňkli çabytlyk mata dokap, ondan özüne çabyt tikinýär. Oňa «alma gül» nagşyny salýar. Soňra don tikinip, onuň gyrasyna jähek tutupdyr. Ejesi gyzynyň tikinen geýimleriniň biri-birine meňzeş däldiginiň sebäbini soranda ol:

Jennet GURBANOWA,
TOHI-niň mugallymy.