Şygryýetiň şalygyna syýahat

5 Iýun 2024
350

Öňňin — 4-nji iýunda welaýat häkimliginde «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, täze ýygyndy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyldy.

Ýarym müň sahypadan hem gowrak kitapda akyldar şahyryň saýlanan şygyrlary ýerleşdirilipdir. Göwrümli kitapdaky şygyrlaryň elipbiý tertibinde ýerleşdirilmegi bolsa okyjy üçin oňaýlylyk döredýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.