Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň şadyýan dynç alyş möwsümi başlandy. Bu döwürde welaýatymyzyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem körpe nesle gujagyny giňden açdy. Iýun aýynyň 2-sinde başlangyç berlen dynç alyş möwsüminiň ilkinji tapgyrynda çagalaryň 300-si merkeze kabul edildi. Tomusky möwsüm her biri 20 günden ybarat bolan 3 tapgyrda dowam eder.
Häzirki günlerde ýaşlar bu ýerde öz wagtlaryny şadyýan, göwnühoş geçirýärler. Mugallymlardyr terbiýeçiler çagalaryň her gününiň ýatdan çykmajak täsirlere beslenmegi ugrunda alada edýärler.