Halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk gecirildi

4 Iýun 2024
319

Ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça başlangyjyny goldaýandygyny mälim edip, şertnamanyň taslamasynyň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.