Ýakynda Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň «Cargolux» kompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştraus bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginin arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda «Cargolux» kompaniýasy tarapyndan «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de agentlik üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, «Cargolux» kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde ýörite okuwlary guramaklyk teklip edildi.