Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

31 Maý 2024
247

30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, bu ýerde häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň şu ugra gönükdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, binagärlik keşbiniň sazlaşyklylygynyň we ekologik derejäniň üpjün edilmegi Arkadag şäheriniň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.