Köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylyk

30 Maý 2024
295

Gazetimiziň geçen sanynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrandygyny habar beripdik. Saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyz «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we birnäçe duşuşyklary geçirdi.

...RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň kabulhanasynda bolan gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Rustam Minnihanow özara bähbitlilik, uzak möhletlilik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň baý oňyn tejribesi esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň we Tatarystanyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Başir Rameýew adyndaky Maglumat tehnologiýalary parkyna bardy. Bu ýerde «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş» atly mejlisi geçirildi.