Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmasy

30 Maý 2024
294

Şu ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasynda ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalaryň we desgalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belledi. Şolaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgadyr. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek babatda alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.