Aşgabat duşuşygy: ynanyşmak ruhy bilen nurana geljege

30 Maý 2024
280

24-nji maýda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýändigini görkezdi, şeýle-de gatnaşyjy ýurtlaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklady.

Mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasy boldy.