Wagyz-nesihat duşuşygy

30 Maý 2024
260

29-njy maýda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1 — 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça geçirilen duşuşyk örän täsirli boldy.

Bu wagyz-nesihat çäresine mugallymlar we talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler asuda Diýarymyzda Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününiň giňden bellenip geçilmeginiň maksady we ähmiýeti barada aýtdylar. Şeýle-de Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda adamyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrýan nusgalyk işleriniň uzak geljegi nazarlaýandygyny buýsanç bilen bellediler.