Gülleýär, gül açýar eziz Diýarym

30 Maý 2024
233

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler. Hasabatlarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, geljek aýda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Gurban baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek hakynda bellenip geçildi.

«Arkadag»