Tämiz duýgularyň joşguny

30 Maý 2024
302

Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde körpe nesillerimiz üçin baýramçylyk dabaralary, medeni köpçülikleýin çäreleri giň gerime eýe bolýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi hem ýokary derejede geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şol sanda Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän orta mekdeplerde, çagalar sungat mekdebinde bilim alýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň onlarça döredijilik işi hödürlenildi. Paýtagtymyz Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaýbaňlandyrylan sergilerde çagalaryň döredijilik işlerini görmäge birnäçe ildeşlerimiz gatnaşdylar. Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermegi, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmegi, zehinli ýaşlary ýüze çykaryp, olary höweslendirmegi maksat edinýär. Bu bäsleşikde hödürlenen döredijilik işlerini synlanyňda körpe nesillerimiziň ukyp-başarnygyna diýseň buýsanýarsyň. Çünki olaryň her birinde Watana, ene topraga, maşgala bolan çäksiz söýgi, geljege beýik ynam bar.

Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bölüm müdiri.