Pitiwa

24 Maý 2024
376

Säher bilen oýanyp, howlymyzda, ondan-da uzaklarda bolýan zatlary synlap otyryn. Goňşy howlulardaky horazlaryň daňyň atandygyny buşlaýşy neneň täsin! Irräk örseň, baýguşuň jakyrdysyny ýa-da sary bilbiliň zikirini diňlemegem nesip edäýýär. Şonda janly-jandaryň soňsuz hysyrdysyna tomaşa edip, ýaşaýşyň hem syrly, hem maýyl ediji pursatlaryna berilýärsiň.

Howluda-da, ondan daşarda-da adaty durmuş höküm sürýär. Ine, azaphon garynjalar rysgalyň ugrunda gydyrdanyşyp ýör. Goňşymyzyň tut agajyndan güsürdeşip gaýdan sarlaryň sürüsi topar tutup gelýär-de, howlymyzdaky jübüt daragtyň depesinde ornaşyp, jükürdeşmäge başlaýar. Ilerde zeýiň etegi bilen barýan ak it hem batly sesi bilen üýrýär-de, uzakda iki sany meňzeş guşuň maýsalykdan gürre göterilmegine sebäp bolýar. Bu guşlaryň howlymyzda mekan tutunan garga-da, serçä-de, gögerçine-de, gumra-da meňzemeýändigini öňem aýdypdy ýoldaşym. Şonda ol: «Bu guşlar garajagaz bolmalydyr» diýipdi. Uçuşlary-ha owadan olaryň, kinolardaky ýaly, gözel hem täsin. Birdenem asmandan güwwüldi eşidilýär, az salymyň içinde äpet ak uçar depämden uçup geçýär. Ony nazarym bilen yzarlap, gökde gaýyp barýan ak bulutlary synlamakdan doýmaýaryn. Her pursat täze bir şekil ýasap, gaýyşyp barýan bulutlaryň görnüşi hyýalyňy alyslara alyp gidýär.

Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.