Halasgär haly torba (Gülküli kyssa)

23 Maý 2024
332

Işdeşimiň gazetden okan zady barada beren gürrüňi derrew ünsümi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, her bir adamyň töweregini gurşap alýan energiýa gatlagy bolýarmyş-da, zenanlardaky şol gatlak erkekleriňkä görä alty esse dykyz we güýçli bolýarmyşyn. Netijede, zenanyň içki dünýäsiniň ýagdaýy onuň daş-töweregine täsir edýärmişin. Şonuň üçinem zenanyň şähdiniň nähilidigine, onuň daşyndaky energiýanyň ýagdaýyna içeriniň «howasy», bişirýän naharynyň tagamy, garaz, gaty köp zat baglymyşyn.

Häsiýetimiň hötjetlik goşundysy ýeterlik bolansoň, işdeşimiň aýdanlary bilen düýbünden ylalaşmaýandygymy açyk mälim etdim. «Ol zatlar öýüň erkegine baglydyr. Erkek erkek bolanda, aýal töweregindäki energiýanyň nähili ýagdaýdadygynam bilmänjik geçer» diýdim. Işdeşimem, ýagdaýyma düşüş bolansoň, gürrüňi başga ýana sowup goýberdi. Ol gürrüň şondan soň ýatlanylmasa-da ýatlanylmazdy, ýöne işdeşimiň gazetden okan şol maglumatynyň hakykatdygyna hut öz öýümde, onda-da öz mysalymda göz ýetirdim oturyberdim.

Allanur TÖRÄÝEW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Türkmengazgeofizika müdirliginiň 2-nji derejeli inženeri.