«Dünýäni gözellik halas eder»

23 Maý 2024
385

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi guruldy we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bina edildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkeli ýerleşdirildi. Şolaryň biri-de «Dünýäni gözellik halas eder» diýen ganatly jümläniň awtory, beýik rus ýazyjysy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskidir.

Dünýä edebiýatynyň klassygy, ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä iň köp okalýan ýazyjylaryň biri Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý 1821-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda (11-nji noýabrynda) Moskwada dünýä inýär. 1837-nji ýylda geljekki ýazyjy dogany Mihail bilen Peterburga okuwa gidýär. Uçilişşede okan ýyllarynda ol edebiýat gurnagyny döredýär. F.Dostoýewskiý dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň eserlerini çagalygyndan ürç edip okaýar. 1843-nji ýylda okuwyny tamamlan badyna meýdan inžener-serkerdesi bolup işläp başlaýar. Ýöne 1844-nji ýylyň tomsunda özüni tutuşlaýyn edebiýata bagyş etmek maksady bilen poruçik çininde ätiýaja çykyp, Balzagyň «Ýewgeniýa Grande» eserini terjime edýär. Bu eser Dostoýewskiniň ilkinji neşir edilen edebi işi bolýar. Onuň 1845-nji ýylda tamamlan «Biçäreler» atly romany meşhurlyk gazanýar. «Daýymyň düýşi», «Stepançikowo obasy we onuň ilaty» atly powestlerini ýazyjy dürli sebäplere görä uzak arakesmeden soň, 1857-nji ýylda ýazýar. Şol ýyllar ol döredijiligi beýleki awtorlaryň eserlerini redaktirlemek bilen utgaşykly alyp gidýär. 1862-nji ýylda ýazyjy ilkinji gezek

Taýýarlan Aýna ABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.