Milli mirasyň beýany

23 Maý 2024
424

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Orazgeldi Aşyrowyň «Türkmeniň egsilmez mirasy» atly ylmy makalalar toplumy «Ylym» neşirýatynda çapdan çykdy.

O.Aşyrowyň täze kitaby gojaman taryhymyzyň bir ülşi bilen bagly. Kitapda gadymy we orta asyr taryhy çeşmeleriň üsti bilen türkmen halkynyň dünýägaraýşy, umumy ruhy esaslary, medeni ösüşi, özboluşly milli häsiýeti açylyp görkezilýär. Alymyň täze kitabyny okasaň, şol döwrüň medeniýetine, ykdysady-syýasy ösüş aýratynlyklaryna çuňňur aralaşýarsyň.

Täçmuhammet SAHYDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.