Sultan RAÝEW: «Magtymguly — türki edebiýatyň dünýä derejeli parlak ýyldyzy»

18 Maý 2024
398

Arşyň nepisligi hasaplanýan türkmen halysynyň wagt geçdigiçe ýüzüniň açylyp, has reňbe-reň öwüşgine eýe bolşy ýaly, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä derejesindäki ähmiýeti-de barha artmak bilen. Bu gün söz ussadynyň bütin adamzady birleşdirýän ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän şygyrlary täzeçe äheňde ýaňlanyp, halklarydyr kalplary has-da ýakynlaşdyrýar. Şahyryň Köpetdagyň dag gerişlerinde dikilen äpet heýkeliniň we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçinem şu günler Zeminiň çar künjeginden myhmanlaryň ýüzlerçesi paýtagtymyz Aşgabatda bolýarlar. Öňňin «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi-de Gündogaryň meşhur akyldarynyň döredijiligine bagyşlandy. Biz bu duşuşygyň çäginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan RAÝEW bilen söhbetdeş bolup, oňa käbir sowallar bilen ýüzlendik.

— Sultan Akimowiç, Magtymguly Pyragynyň mirasyny wagyz etmek boýunça TÜRKSOÝ tarapyndan alnyp barylýan işler hakynda edil häzir anyk gürrüň edip durmasagam, türkmen okyjylarynyň olardan doly habarlydygyny bilýäris. Şu ýerde esasy ünsi TÜRKSOÝ-nyň çäginden daşarda amala aşyrýan işleriňize gönükdirsek, ýene-de goşmaça maglumatlary eşitjekdigimize ynanýarys...

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».