TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi

17 Maý 2024
492

16-njy maýda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň, halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara işjeň girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.