Ilaty zerur azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, senagat kärhanalarynyň gerekli çig mallara bolan isleglerini kanagatlandyrmak welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleriniň baş maksatlarynyň biridir. Olar üstümizdäki ýylda hem artdyrylan gaýrat bilen yhlasly zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň möçberleri barha artmak bilen.
Şanly ýylyň geçen dört aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 5,5 müň tonnadan gowragy, limonyň 37,7 tonnasy öndürildi. Şonda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,1 we 0,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.