Garaşsyz ösüşiň gymmatly binýady

14 Maý 2024
298

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenilýär. Her bir ildeşimiz üçin mukaddes gymmatlyklaryň beýany bolan bu baýramda ata-babalarymyzyň özbaşdak, Garaşsyz, hukuk binýady bolan döwleti berkarar etmek baradaky arzuwlarynyň maksat-myrady ýalkym saçýar. Esasy Kanunymyz halkymyzyň uzak geljek üçin bagtyýar, parahat durmuşyny, hukuk taýdan ygtybarly kepillendirilen ýaşaýşyny, erkin zähmet çekmäge, döretmäge, gurmaga bolan isleg-arzuwlarynyň durmuşa geçmegini, ösüşleriň dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýän ygtybarly binýatdyr. Eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň baş nyşany bolan Döwlet baýdagymyz döwletliligimizi, halkyň agzybirligini, watansöýüjiligini, pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine wepalydygymyzy alamatlandyrýan esasy nyşanlaryň biridir.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň esaslarynyň mizemezligini dabaralandyryp, BMG-niň Ştab-kwartirasynyň öňündäki baýdak sütüninde belentden parlaýar. Ak mermerli Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşen, dünýäde iň beýik sütünleriň biri bolan 133 metrlikdäki baýdak sütüninde parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjyny dabaralandyrýar.

Kümüş HEBBIKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň mugallymy.