Döwletliligimiziň şuglasy

14 Maý 2024
425

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr». Şoňa görä-de, halkymyzyň agzybirligini, buýsanjyny we mertebesini, Watana bolan söýgüsini, döredijilik we zähmet hyjuwyny alamatlandyrýan bu goşa senäni — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi ulus-ilimiz giňden belläp geçýär.

Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde başymyzyň täjine, gözümiziň görejine deňelýän Döwlet baýdagymyz Ýer ýüzünde, abraýly halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde pasyrdap, dünýä halklaryny dostluga, hoşniýetlilige çagyrýar. Döwletliligimiz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz bolan ýaşyl tugumyz her birimizi döretmäge, gurmaga, belent sepgitlere ruhlandyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär.

Serdar SYTDYHOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.