Halkymyzyň buýsanjy

25 Aprel 2024
461

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe reňkleriniň ählisine  altynsow we kümüşsöw öwüşginler mahsus bolan ynsan gylykly asman atlarymyzyň şan-şöhraty has artýar. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda gol çeken Permany taryhda asman atlary diýip atlandyrylan behişdi bedewlerimiziň şöhratyny artdyrmakda nusgalyk işleri bitiren  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ündän nesihatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan bina bolan Arkadag şäherinde döredilen bu Halkara atçylyk akademiýasynyň 2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde Köpetdagyň eteginde gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen birlikde açylyp ulanylmaga berlen  Aba Annaýew obasyna golaý ýerleşmeginde, ähli ulgamlarda bolşy ýaly,  atçylyk pudagynyň hem maksatnamalaýyn ösüşiniň keşbi bar. 

Serdar BALLYÝEW,
Daşoguz welaýatynyň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.