Ekin meýdanlary alada bilen gurşalýar

19 Aprel 2024
402

Tejen etrabynyň ak ekin ussatlary ekinleriň ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Üstümizdäki şanly ýylyň hasyly üçin 44 müň 300 gektarda däne ýetişdirýän gallaçy daýhanlaryň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde bereketli meýdanlar bol hasyla beslenýär.

Häzirki wagtda ekinleri alada bilen gurşan gallaçylar däne oragyna hem ykjam taýýarlyk görýärler. Ekişde ulanyljak däne orujy kombaýnlar gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýulýar. Bu babatda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhananyň işçi-hünärmenleriniň alyp barýan işleri diýseň guwandyrýar.

Şemşat BAÝÝAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.