Meýdanlarda zähmet joşýar

16 Aprel 2024
389

Şu ýyl ýurdumyzda gowaça ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlary, ekişde ulanyljak tehnikalar möhüm möwsüme birkemsiz taýýarlanyldy.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Lebap welaýatynyň pagtaçylary 130 müň gektara gowaça ekip, «ak altynyň» 320 müň tonnasyny döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu iş hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýär.

Öz habarçymyz.