Ýaz möwsümi gyzyşýar

15 Aprel 2024
457

Köneürgenç etrabynyň Maslahat daýhan birleşigi boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1500 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Pagtaçy kärendeçileriň yhlasly zähmeti netijesinde, ekişe irgözinden taýýarlyk çäreleri talabalaýyk alnyp baryldy. Jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişine welaýatymyzda ak pata berlen gününden ýokary guramaçylyk ýagdaýynda girişilip, bu iş depginli dowam etdirilýär. Ekiş geçirmekde özünde dürli kysymly traktordyr iş gurallarynyň ýeterlik mukdaryny jemleýän wagtlaýyn döredilen iş toparlary hereket edýär. Topragy göwnejaý taba gelen atyzlary çizel arkaly sürmek hem-de şol atyzlarda boronadyr mala basmak arkaly ekişe ýaramly ýumşak topragy emele getirmek gazanyldy.

Ekiş bilen baglanyşykly işleriň berjaý edilmeginde esasy jogapkärçiligiň özleriniň paýyna düşýändigine mehanizatorlar gowy düşünýärler. Şonuň üçin hem olar erk edýän tehnikalaryny bökdençsiz işletmek arkaly ekişiň ýokary hilli geçirilmegini gazanýarlar. Mehanizatorlar Hudaýberdi Öwezow, Begmyrat Çerkezow, Nurmuhammet Seýitjanow öz ussatlygyny görkezýär. Birleşikde işleriň sazlaşykly guralyp, bökdençsiz alnyp barylmagy netijesinde kärendeçi ýer eýeleriniň ençemesiniň ekin ýerlerinde ilkinjileriň hatarynda gowaça ekişi talabalaýyk geçirildi. Olaryň hatarynda ýokary hasylçylar hökmünde tanalýan Öre Goçkarowy, Tahyr Durdyýewi, Rejep Hudaýberdiýewi, Araz Öwezowy, Gülşat Pirnepesowany we beýlekileri görkezmek bolar. Olar şu ýylyň pagta ýygymy möwsümine bereketli hasyly ýetişdirip, isripsiz ýygnamak bilen ýyly uly üstünliklere beslemegi maksat edinýärler.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,
TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri.