Mehanizatorlaryň armasy ýetirilýär

15 Aprel 2024
404

Gowaça ekişiniň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň degişli hünärmenleri ýerlerde bolup, möwsüme gatnaşýan mehanizatorlaryň armasyny ýetirýärler. Ekin meýdanlaryndaky iş üstündäki duşuşyklaryň barşynda mehanizatoralara tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine berk eýermek bilen bagly degerli maslahatlar berildi.

Mälim bolşy ýaly, gowaça ekişinde etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryň, şeýle-de daýhan hojalyklarynyň ekiji tehnikalary gatnaşýar. Şol tehnikalara bu ugurda ýeterlik tejribesi bolan mehanizatorlar ezberlik bilen erk edýärler. Ekişiň irki möhletde tamamlanmagy bolsa, mehanizatorlara bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, iş üstündäki duşuşyklarda mehanizatorlara häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýetini hem düşündirýäris.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.