Dosta uzaýan ýol — dowamata uzaýan ýol

10 Aprel 2024
343

Dosta uzaýan ýollar bakylygyň, dowamatyň ýoly. Ata Watanymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyndan gözbaş alýan hoşniýetli gatnaşyklar milli ýörelgelerimiziň üstünlikli rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-5-nji aprelinde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ädim boldy. Duşenbede geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň ösdürilmegine itergi berdi.

Gahryman Arkadagymyz saparynyň barşynda, ilki bilen, «Dusti» meýdançasynda ýerleşýän täjik döwletiniň ilkinji emiri Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy. Soňra «Kasri Millat» köşgünde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikler netijeli häsiýete eýe boldy. Gepleşikleriň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Ýeri gelende bellesek, geçirilen gepleşikler ýurtlaryň arasyndaky dialogyň yzygiderli esasda ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Olaryň dowamynda Täjigistana nebit önümlerini, elektrik energiýasyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek bellenildi.

«Daşoguz habarlary».