Türkmenistan ― Täjigistan: ýürekdeş gatnaşyklaryň ýakymy

10 Aprel 2024
318

Beýik şahsyýetleriň esasy aýratynlygy beýik şahsyýetlere aýratyn gadyr goýup bilýänliginde. Gerek bolsa, goýýan gadyry bilen hemmelere görelde bolýanlygynda. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň 4-5-nji aprelde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ýene bir ýola serimize doldy. Çünki Milli Liderimiz köpsanly başlangyçlara sebäp bolan saparyna täjik döwletiniň ilkinji emirini — täjik halkynyň gahrymany Ismoil Somonini hatyralamak bilen girişdi.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň gadymy täjik topragyna gadamy düşen dessine ýurduň paýtagty Duşenbe şäherindäki «Dusti» meýdançasyna baryp, ilkinji täjik döwleti bolan Samanylar döwletiniň 1100 ýyllygynyň hormatyna Milli ylalaşygyň we Täjigistanyň gaýtadan dikeldilmeginiň ýadygärlikler toplumyna hem-de täjik döwletiniň ilkinji emiri Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül dessesini goýmagy taryhyň agramly böleginde ykbaldaş bolan goňşularymyza, olaryň şöhratly geçmişine belent sarpadan nyşan. Şol sarpa Gahryman Arkadagymyz bilen täjik Lideri Emomali Rahmonyň ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde geçiren gepleşiklerine hem mahsus boldy. Birek-birege goýulýan belent sarpa gepleşikleriň netijeliligine hem täsirini ýetirýär. Şol gepleşiklerden gelip çykýan netijeleriň käbirine ünsüňizi çekmek isleýäris.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.