Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ülňüsi

9 Aprel 2024
371

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ülňüsiniň kemala gelmegini şertlendirjek taryhy ähmiýete eýedir.

Pamir daglaryny etekläp oturan Täjigistan Respublikasy gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň — altynyň, kümşüň, gymmat bahaly daşlaryň, alýumininiň, kömrüň baý gorlary bilen bellidir. Bu ýurtda häzirki wagtda gidroenergetika, dokmaçylyk, maşyngurluşyk, syýahatçylyk güýçli depginde ösdürilýär we bu pudaklar döwletiň esasy ykdysady güýji bolup durýar.

Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.