Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: işewür hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

5 Aprel 2024
428

4-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case New Holland» ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

«Nesil».