Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan medeni mirasymyzy ösdürmek, olary gorap saklamak hem-de geljekki nesillere miras goýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratly geçmişi, bagtyýar şu güni, aýdyň ertiri hakynda söhbet açmak hemişe ýakymly.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Türkmenistanyň täsin galdyrýan we seýrek duş gelýän medeni-taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklary taryhyň anyk subutnamalarydyr hem-de nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr» diýip, aýratyn nygtalyp geçilýär.