ŞANLY ÝYLYŇ DABARASY DÜNÝÄ DOLÝAR

5 Aprel 2024
477

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň binýatlaryny berkitmek, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatynyň ýörelgeleri esasynda döwletara gatnaşyklary ilerletmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Parahatçylyga, abadançylyga esaslanýan türkmen diplomatiýasy döwletleriň, halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklarda hoşniýetliligi, dostanalygy ileri tutýar.

Täze taryhy döwürde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz dost-doganlyk ýurtlar bilen medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Berkarar döwletiň bu ugurda öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli garaýyşlary, durmuşa geçirýän ägirt uly tagallalary dünýä jemgyýetçiliginiň belent ykraryna eýe bolýar. Bu hakykata diňe bir Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem sözümizi ýene bir ýola tassyklaýar.

Aýjeren REJEPOWA
Rumyniýanyň Konstanta şäherindäki «Owidius» uniwersitetiniň magistri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.