MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLILIK WE AHLAK GYMMATLYKLARY

5 Aprel 2024
424

Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy bilmeklik, adamyň bilim sowatlylygynyň, watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary sanardan köp. Şolaryň biri-de, dünýä medeni mirasynyň genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň edebi mirasynyň biziň üçin özboluşly terbiýe mekdebidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda birnäçe asyrlaryň dowamynda nesilleriň terbiýelenip gelnendigini yzygiderli nygtaýar.

Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň sähralyklaryndan we çöllerinden, daglaryndan we düzlüklerinden, deňzinden we derýalaryndan, hoşgylaw adamlaryndan, şirin aýdym-sazlaryndan, ynsanperwer ýörelgelerinden ylham alan hem-de durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik akyldardyr. Bu bolsa dünýäniň gadymdan gelýän ylym we bilim taglymatlaryny, medeniýetlerini hem-de sungatlaryny özünde jemleýän Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan, Hytaý ýaly gadymy siwilizasiýa merkezleriniň hatarynda mynasyp orun alýan eziz Watanymyzyň keramatyny hemmetaraplaýyn açyp görkezýär. Ferdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy, Şirazy ýaly edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýip, özbaşdak döwlet, türkmen halkynyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakyndaky arzyly arzuwlary bu günki gün hakykat ýüzünde amala aşdy.

Batyr AŞYRMYRADOW
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň Ykdysady kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet bellige alyş bölüminiň müdiri.