Zehinli ýaşlar

4 Aprel 2024
469

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem, saz-sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat medeniýet müdirligi, welaýat ýörite sungat mekdebi bilelikde welaýatymyzyň çagalar sazçylyk sungat mekdeplerini şu ýylda tamamlaýan uçurym okuwçylaryň arasynda «Zehinli ýaşlar» atly bäsleşigi geçirdi. Bu bäsleşik «Bagşy», «Türkmen milli saz gurallary», «Halk saz gurallary», «Kirişli saz gurallary», «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary», «Fortepiano» ugurlary boýunça geçirilip, onda has ökdeler öňdäki orunlara mynasyp boldular.

Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ennebike Annageldiýewa,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.