BIR AÝDYMYŇ TARYHY

3 Aprel 2024
397

Dünýä ýüzünde her döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň göwher jygasy Aşgabat şäheri hakynda döredilen aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şeýle aýdymlaryň biri-de, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň sazyna, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen «Aşgabat» aýdymydyr. Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabadyň waspyny belentden ýetirýän «Aşgabat» aýdymynyň täsin taryhy bar. Bu joşgunly aýdym mundan 60 ýyl gowrak ozal, ýagny 1961-nji ýylda döredilipdir.

Şahyr Geldi Bäşiýew şol döwürler türkmen radiosynda diktor bolup işleýär eken. Baýry diktor Geldi aga radio komitete seýregrägem bolsa gelýän Nury Halmämmedow bilen duşuşyp, aýdym-saz hakynda pikir alşyp durupdyr. Günleriň  birinde Nury Halmämmedow operaçy Medeniýet Şahberdiýewanyň dünýäde seýrek duşýan liriki koloraturaly soprana sesine «Aşgabat» diýen joşgunly sazyny döredendigini buýsanç bilen aýdyp, taýýar bolan eseri Geldi Bäşiýewe diňledýär. Bu ajaýyp saz Geldi aganyň kalbyna täsir edip, ylhamyny joşdurýar. Aradan bir hepdä golaý wagt geçensoň, şahyr Geldi Bäşiýew Nury Halmämmedowa jaň edip, onuň döreden sazyna «Aşgabat» diýen şygryny ýazandygyny begenip habar berýär. Goşgyny diňläp görmegini teklip edýär. Döredilen saz bilen goşgy jüpüne düşýär. Aýdymyň goşgusy bilen notasy bilbil owazly aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewa gowşurylýar. Bu aýdym Medeniýet Şahberdiýewanyň owazly kalbyny joşa getirýär. Ol joşgundyr hyjuw bilen aýdymy ussatlarça ýerine ýetirýär. Soňra bu aýdym türkmen telewideniýesinde ýazgy edilipdir. Aýdym ussat opera aýdymçysyna uly at-abraý getirýär. Ol bu aýdymyň üsti bilen dünýä halklaryny Watanymyzyň gözellikleri, elwan güle beslenip oturan paýtagtymyzyň ajaýyplyklary bilen tanyşdyrýar.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçe kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy.